Type a search term to find related articles by LIMS subject matter experts gathered from the most trusted and dynamic collaboration tools in the laboratory informatics industry.
Zyýan berijilere garşy göreş – adamzadyň durmuşyna ýaramaz täsir edýän görnüşleriň, ýagny zyýan berijileriň sanyny kadalaşdyrmak bolup durýar.
Zyýan berijilere garşy göreşiň özi edil oba hojalyk pudagy ýaly gadymlydyr. Sebäbi ekinleri zyýan berijilerden goramak zerurlygy hemişe bolupdyr. Biziň eramyzdan öňki 3000 ýylda Müsürde däne saklawhanalaryndaky gemrijilere garşy göreşmek üçin pişikler ulanylypdyr.[1]
Häzirki döwürde oba hojalygynda zyýan berijilere garşy fiziki, himiki we biologiki serişdeleri ulanmak bilen göreşilýär.[2] Öýlerde we şäher gurşawynda zyýan berijiler ürküzmek, sterilizasiýa ýa-da himiki serişdeleriň kömegi bilen ýok edilýär.[3] Hassahanalarda we beýleki lukmançylyk edaralarda zyýan berijilere garşy çäreler hökmünde ýygy-ýygydan arassalama, şol sanda hlorlamak usullary, şeýle hem ýörite enjamlar ulanylýar.[4]
Mundan başga-da, zyýan berijilere garşy göreşe adamlaryň golaýynda ýaşamaklary maksadalaýyk hasaplanmaýan siňekler, çybynlar, tarakanlar, garynjalar, düşek garynjalary, bitler we şuňa meňzeş antropodlary ýok etmek prosesine hem düşünmek bolar.[5]